Eýran ABŞ-nyň göreş toparyna 16-17-nji fewralda erkin göreş boýunça geçýän Dünýä çempionatyna gatnaşmaklary üçin wiza berer diýip, Yslam respublikasynyň IRNA habar gullugy 5-nji fewralda habar berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň eýranlylara wiza gadaganlygyny girizmegine jogap edip, Tähran 3-nji fewralda amerikan pälwanlaryna wiza bermejegini aýdypdy.
Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Ghasemi amerikan pälwanlaryna wiza berler diýdi we munuň hususan-da ABŞ-nyň federal sudunyň hökümet kararyny wagtlaýyn togtamagy bilen baglydygyny aýtdy.