Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Türkiýe we Eýran Siriýa boýunça gepleşikleriň ikinji tapgyryna başladylar


Aleppo şäheri, Siriýa, 2-nji fewral, 2017.
Aleppo şäheri, Siriýa, 2-nji fewral, 2017.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň, Türkiýäniň we Eýranyň Siriýada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň berjaý edilişine syn etmegiň mehanizmlerini maslahat edip başlandygyny habar berdi.

Ministrlik paýtagt Astanada geçirilýän gepleşiklere BMG-niň we Iordaniýanyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän bu duşuşyk Siriýadaky urşuň soňuna çykmak boýunça gepleşikleriň ikinji tapgyrydyr.

Gepleşikleriň 23-24-nji ýanwarda geçirilen birinji tapgyry Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän konfliktden syýasy çykalga tapmakda şowsuzlyga uçrapdy, emma taraplar ok atyşygyň bes edilmegine gözegçilik etmek üçin “Birleşdirilen hereket ediji topar” (JOG) diýlip, atlandyrylan mehanizmi döretmek barada ylalaşypdy.

Bu topar gepleşiklere ýolbaşçylyk edýän üç ýurduň bilermenlerini öz içine alýar.

Siriýada dowam edýän konflikt zerarly 300 müň çemesi adamyň wepat bolandygy we millionlarça adamyň ýaşaýan ýerlerinden göçürilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG