Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamenei Tramp “Amerikanyň hakyky ýüzüni görkezdi” diýýär


Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa “Amerikanyň hakyky ýüzüni görkezendigi üçin” özüniň minnetdardygyny aýtdy.

Hameneiniň resmi websaýty onuň harby ýolbaşçylar bilen 7-nji fewralda Tähranda eden çykyşyny sitirledi.

“Biziň 30 ýyldan gowrak wagt bäri aýdyp gelişimiz ýaly – ABŞ-nyň häkimiýet sistemasynda syýasy, ykdysady, ahlak we sosial korrupsiýa saklanýar -bu jenap geldi-de, saýlawlarda we saýlawlaryň yzýany muny açyp görkezdi” diýip, Hamenei aýtdy.

Şeýle-de Eýranyň baş ruhany lideri “hiç bir duşman eýran halkyny ysmaz edip bilmez” diýip belledi we eýranlylary Eýranyň 1979-njy ýylyň yslam rewolýusiýasynyň ýyl dönüminde Trampyň “haýbatlaryna” jogap bermäge çagyrdy.

Trampyň administrasiýasy Tähranyň täze ballistik raketalaryny synamagynyň yzýany Eýranyň onlarça kompaniýasy we şahsyýetleri babatynda geçen hepdede täze sanksiýalary girizdi.

XS
SM
MD
LG