Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon Siriýada 'Al Kaýda' degişli 11 baş söweşijiniň öldürlendigini aýtdy


Idlib şäheri, Siriýa, 7-nji fewral, 2017.
Idlib şäheri, Siriýa, 7-nji fewral, 2017.

ABŞ-nyň şu aýda Siriýada amala aşyran howa zarbalarynyň netijesinde “Al Kaýda” bilen bagly söweşijileriň 11 sanysy, şol sanda ýokary derejeli söweşiji ýolbaşçylary öldürildi diýip, Pentagon 8-nji fewralda aýtdy.

4-nji fewralda Idlib şäheriniň golaýynda howa zarbasynyň netijesinde öldürilen Abu Hani al-Masriniň bin-Laden we “Al Kaýdanyň” häzirki lideri Aýman al-Zawahri bilen gatnaşygynyň bolandygy, onuň 1980-nji we 1990-njy ýyllarda “Al Kaýdanyň” Owganystandaky türgenleşik lagerleriniň döredilmegine gözegçilik edendigi aýdylýar.

Masriniň ýardamy bilen döredilen Müsüriň yslamçy jyhady atly topar “öz terrorçylykly hüjümlerinde janyndan geçen hüjümçileri ulanan ilkinji sünni toparydy” diýip, Pentagon belledi.

Siriýanyň Idlib regiony esasan “Al Kaýdanyň” Siriýadaky bölümi “Fateh al-Şam” toparynyň gözegçiliginde galýar.

XS
SM
MD
LG