Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak žurnalisti pul ýuwmak aýyplamalary bilen tussag edildi


Gazak žurnalisti Žanbolat Mamaý

Gazagystanyň garaşsyz gazetiniň iş başyndaky baş redaktory hapa pullary ýuwmak aýyplamalary bilen tussag edildi.

Düýbi Almatyda ýerleşýän “Adyl Söz” atly döwlete degişli däl guramanyň 13-nji fewralda beren maglumatyna görä, Žanbolat Mamaý geçen hepdäniň soňunda iki aý möhlet bilen deslapky tussaghana ýerleşdirildi.

Mamaýyň “Syýasy Galam – Tribun” atly gazeti gazak hökümetini tankytlaýan makalalary bilen tanalýar.

Derňewçiler Mamaýyň gaçgaklykdaky Muhtar Ablýazow tarapyndan “ogurlanan” pullary ýuwmaga gatnaşandygyny aýdýarlar.

Mamaý özüniň Ablýazow bilen hiç bir arabaglanyşygynyň ýokdugyny aýdyp, aýyplamalary ret etdi we özüne garşy gozgalan bu işiň syýasy maksatlydygyny belledi.

Gazagystanyň BTA bankynyň öňki başlygy Ablýazow häzirki wagt daşary ýurtda ýaşaýar we ol gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň esasy garşydaşydyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG