Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýada protestler dowam edýär


Rumyniýanyň paýtagty Buharestde hökümete garşy protestler dowam edýär.

13-nji fewralda Rumyniýanyň parlamenti korrupsiýa garşy göreşde jemgyýetçilik goldawy boýunça referendum geçirmegi kabul etdi.

Bu hereket indi 14 gün bäri paýtagt Buharestde dowam edýän hökümete garşy demonstrasiýalary köşeşdirip bilmedi.

Rumyniýanyň 310 kanunçykaryjysynyň ählisi prezident Klaus Iohannis tarapyndan teklip edilen referendumy goldap ses berdi.

Muňa garamazdan, referendumda ses berijilere nähili soragyň beriljekdigi barada anyk bir zat aýdylmady. Emma referenduma korrupsiýa garşy dowam edýän göreşe goldawy artdyrmagyň ýoly hökmünde seredilýär.

1989-njy ýylda Rumyniýada kommunist režimiň synmagyna getiren protestlerden bäri hökümete garşy demonstrasiýalaryň iň ulusy geçirilýär.

13-nji fewralda howanyň doňduryjy sowugyna garamazdan, ýüzlerçe adam “Ýeňiş meýdançasyndaky” hökümet edaralarynyň öňünde ýygnandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG