Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Waşington “güýç pozisiýasyndan” hyzmatdaşlyk islemeli däl diýýär


Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu
Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Orsýetiň Pentagon bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga taýýardygyny aýtdy, emma Waşingtonyň “güýç pozisiýasyna” esaslanýan hyzmatdaşlyga garşy duýduryş berdi.

“Biz Pentagon bilen hyzmatdaşlyga başlamaga taýýar, emma Orsýet bilen dialogy güýç pozisiýasyndan gurmak synanyşygy peýdasyz bolar” diýip, Orsýetiň habar agentlikleri 16-njy fewralda Şoýguny sitirlediler.

Orsýetiň goranmak ministriniň bu çykyşy ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattisiň 15-nji fewralda eden çykyşynda Orsýet bilen işleşende güýç görkezmeli diýip aýdan sözlerine reaksiýa boldy.

16-njy fewralda Orsýetiň we ABŞ-nyň baş harby ýolbaşçylary general Waleriý Gerasimow we general Joe Dunford Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda gepleşik geçirerler. Şoýgu bu duşuşykda orsýet tarapynyň ABŞ-nyň harby ýolbaşçysyndan düşündiriş talap etjegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG