Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: YD-nyň hüjüminde ölenleriň sany 80 adama ýetdi


Pakistanyň günortasyndaky “Lal Şahbaz Kalandar” zyýarathanasy
Pakistanyň günortasyndaky “Lal Şahbaz Kalandar” zyýarathanasy

“Yslam döwleti” toparynyň 16-njy fewralda Pakistanyň günortasyndaky gyzgalaňly sopy zyýarathanasyna eden bomba hüjüminde ölenleriň sany 80 adama ýetdi. 17-nji fewralda Pakistanyň syýasy we harby liderleri yslamçy ekstremistleri ýok etmek üçin ähli zady etjekdiklerini aýtdylar.

Janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bu bomba partlamasynda ölenleriň azyndan 30 sanysy çaga bolup, wakada başga-da 100-den gowrak adam ýaralandy.

16-njy fewralda Sindh welaýatynyň hökümeti bir günlük ýas yglan etdi.

Pakistanyň “Talyban” topary we beýleki ekstremist yslamçy söweşijiler täze hüjümleriň amala aşyryljakdygy barada haýbat atýan mahaly, “Lal Şahbaz Kalandar” zyýarathanasynda bolan partlama soňky bir hepdäniň dowamynda Pakistanda amala aşyrylan hüjümleriň iň ýowuzy boldy.

“Yslam döwleti” bilen ilteşikli “Aamak” websaýtynda çap edilen maglumatda agzalýan topar hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG