Özbegistanyň Merkezi bankynyň ýakyn wagtda çap etmegine garaşylýan 10 müň som hümmetli täze pulunyň hasaplaşygy ýeňilleşdirjegi aýdylýar.
Bankyň metbugat-wekiliniň 21-nji fewralda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, özbek kanun çykaryjylary pul reformasyna degişli teklip edilen çäräni bir gün ozal tassyklapdyr.
10 müň som hümmetli täze pul 3 amerikan dollaryna barabar, ýurduň resmi kursuna laýyklykda 1.6 amerikan dollaryna barabar.
Emma parlamentiň kararynda täze puluň haçan dolanyşa giriziljegi görkezilmedi.
Özbegistanda iň uly hümmetli pul banknotasy 5 müň som, ol 2013-nji ýylda dolanyşa girizilipdi.
Özbegistanly ykdysadyýetçi Tohir Sobirow ýurdaky hasaplaşyk problemasyny çözmek üçin 50 we 100 müň hümmetli pul banknotalarynyň girizilmegine zerurlygyň bardygyny AÝ/AR-na aýtdy.