Sepleriň elýeterliligi

SIPRI: Türkmenistan soňky bäş ýylda Türkiýeden iň köp ýarag satyn alan ýurt


Türkmenistanyň Akdepe harby bazasyndan geçirilen harby maşkilar.

Türkmenistanyň soňky bäş ýylyň dowamynda Türkiýeden ýarag satyn alan iň iri hyrydardygy Stokgolmyň parahatçylyk problemalary boýunça halkara institutynyň (SIPRI) hasabatynda aýdylýar.

Hasabata görä, Türkiýäniň ýarag eksportunyň 29% Türkmenistanyň paýyna düşýär.

Barlaglara görä, Türkmenistanyň düýäniň iň iri ýarag hyrydarlarynyň sanawynda 40-njy setiri eýeleýändigi, Türkmenistanyň satyn alýan ýaraglarynyň 36%-niň Türkiýeden, 27%-niň Hytaýdan we 20%-niň Orsýetden barýandygy maglumatda aýdylýar.

Dünýä boýunça iň köp ýarag satyn alýan ýurtlar Hindistan, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri, iň köp ýarag satýan ýurtlar, bolsa ABŞ, Orsýet, Hytaý, Germaniýa we Fransiýa diýilýär.

XS
SM
MD
LG