Janyndan geçen bombaçylaryň Homs şäherinde Siriýanyň howpsuzlyk güýçlerine eden hüjümleri netijesinde azyndan 42 adam öldi diýip, aktiwistler aýtdylar.
Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy 25-nji fewralda şäherdäki döwlet howpsuzlyk we milli aňtaw edaralarynyň golaýynda birnäçe bombaçynyň özüni partladandygyny aýtdy.
Topar ölenleriň arasynda uly derejeli howpsuzlyk ofiseriniň hem bardygyny aýtdy.
Döwlet telewideniýesiçaknyşyklaryňbombaçylar özlerini ýarmazlaryndan öňAl-Ghouta we Al-Mohata etraplaryny, bu nyşanalarynyň ýerleşen ýerini sarsdyrandygyny habar berdi.
Homs şäheriniň gubernatory Talal Barzani 20-den gowrak adamyň öldürilendigini aýtdy. Hüjümçileriň haýsy topara degişlidigi bada-bat bilinmedi.