Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam habar guramalarynyň käbirini metbugat brifingine goýbermedi


Ak tamyň sözçüsi Şon Spaýser
Ak tamyň sözçüsi Şon Spaýser

Ak tam birnäçe uly habar guramasynyň näresmi metbugat brifingine gatnaşmagyny gadagan etdi.

24-nji fewralda CNN-iň, "The New York Times" gazetiniň we BBC-niň, beýleki käbir habar serişdeleriniň wekilleri Ak tamyň sözçüsi Şon Spaýser bilen duşuşyga gatnaşdyrylmady.

Spaýser ol habar guramalarynyň näme üçin bu ýere goýberilmändigini aýtmady, emma Ak tamyň habarlardaky «galp gürrüňçilige» «berk gaýtawul» berjekdigini duýdurdy.

«The Associated Pressiň» we «Time» žurnalynyň žurnalistleri beýlekileriň bu sessiýa gelmeginiň gadagan edilendigini eşidip, ol ýerden çykyp gitdiler.

Spaýseriň karary gadagan edilen beýleki habar serişdeleriniň hem käbiriniň ýiti gaýtawulyna getirdi.

XS
SM
MD
LG