Sepleriň elýeterliligi

Özbek aktiwisti Agzam Farmonowyň goşmaça bäş ýyllyk tussaglygy güýjünde galdy


Agzam Farmonow we "Ezgullik" hereketiniň agzalary

Özbegistanyň sudy uzak möhletli türme tussaglygynda saklanýan adam hukuklaryny goraýjy Agzam Farmonowyň goşmaça bäş ýyllyk tussaglygyny güýjünde saklamak barada karar çykardy. Aktiwistiň 2006-njy ýylda tussag edilmegine syýasy matlaply diýlip giň derejede seredilipdi.

Aktiwisti gorap çykyş eden aklawçy Abdurahman Taşanowyň AÝ/AR-na 2-nji martda aýtmagyna görä, Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynyň Baş sudy Farmonowyň tussaglygynyň ýene bäş ýyllyk uzaldylmagyndan eden şikaýatyny ret edipdir.

Özbegistanda syýasy matlaply işler boýunça türmä höküm edilenleriň tussaglyk möhletini goşmaça uzaltmak tejribesi giňden ulanylýar.

39 ýaşly Farmonow 2006-njy ýylda dokuz ýarym ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol tussag edilende Özbegistanyň adam hukuklary boýunça jemgyýetiniň Sirdario regionyndaky bölüminiň ýolbaşçysydy.

2016-njy ýylda Farmonowyň tussaglyk möhletiniň dolmagyna sanlyja hepde galanda häkimiýetler ony “türmede özüni erbet alyp barmakda” aýyplap, ýene bäş ýyl türmede saklamak kararyny yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG