Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň öňki baş prokuroryna ýurdy terk etmek gadagan edildi


Gyrgyzystanyň öňki baş prokurory häzir oppozision kanun çykaryjy Aida Salyanowa, Bişkek, 24-nji fewral, 2017.
Gyrgyzystanyň öňki baş prokurory häzir oppozision kanun çykaryjy Aida Salyanowa, Bişkek, 24-nji fewral, 2017.

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri öňki baş prokuror we häzirki wagtda oppozision kanun çykaryjynyň güman edilýän kanun bozmalary sebäpli ýurdy terk etmezligi barada karar çykarylandygyny aýdýarlar.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň 14-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Aida Salyanowa 2010-njy ýylda öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň ogly Maksim Bakiýew bilen gatnaşygy bolan aklawçynyň lisenziýasynyň möhletini bikanun uzaltmakda güman edilýär.

Resmi maglumata görä, Salyanowa babatyndaky karara onuň sorag edilmeginiň yzýany 13-nji martda gelnipdir.

Salyanowa özüne garşy öňe sürlen aýyplamalary ret edip, olary syýasy matlaply diýip atlandyrdy.

Salyanowa gyrgyz häkimiýetleriniň yzarlanmalaryna sezewar bolan “Ata-Meken” partiýasynyň nobatdaky agzasydyr.

Öňki kanun çykaryjy we prezident Almazbek Atambaýewiň açyk tankytçysy “Ata-Meken” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýew Milli howpsuzlyk komitetiniň tussaghanasynda saklanýar we para almak hem ogurlyk bilen bagly aýyplamalaryň esasynda derňew astynda galýar.

Tekebaýewiň tarapdarlary derňewleriň başlanmagynyň sebäplerini häkimiýetleriň onuň noýabr aýynda boljak prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagyna päsgel bermek islegi bilen baglanyşdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG