Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistandan Azerbaýjana tozanly dumanyň süýşüp barýandygy habar berilýär


Hazar deňzi

Türkmenistandan Azerbaýjana tozanly dumanyň süýşüp barýandygy barada Azerbaýjanyň töwerek-daşa gözegçilik we tebigy resurslar boýunça milli departamentiň müdiriniň orunbasary Matanat Awazowa salgylanmak bilen media maglumatlarynda habar berilýär.

“Meteorologiýa şertler bilen baglylykda şu gün gije we ertir ir sagatlarda Türkmenistandan Azerbaýjana tozan dumany süýşüp başlar, ol eýýäm Hazar deňziniň üstünde. Günüň ikinji ýarymynda howa akymlary tozanly dumany ýurduň territoriýasyna getirer” diýip Awazowanyň aýdandygy APA agentligine salgylanyp berilýän maglumatlarda aýdyldy.

Şeýle-de habar berilişine görä, azeri resmisi Abşeron ýarymadasynda we Bakuda howanyň düzüminde tozanyň möçberiniň kadadan has ýokarydygyny belläpdir.

“Bu adatdan daşary ýagdaý däl, ýöne ýürek-damar keselli adamlar üçin şeýle howada ýapyk jaýlarda bolmak has amatly” diýip Awazowa aýtdy, diýlip media maglumatlarynda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG