Sepleriň elýeterliligi

Döwlet sekretary Tillerson Phenýan ABŞ-dan gorkmaly däl diýdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Demirgazyk Koreýany ýadro programmasyndan el çekmäge çagyryp, Phenýanyň Birleşen Ştatlardan “gorkmaly däldigini” aýtdy.

Tillerson bu barada 16-njy martda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kişida bilen Tokioda geçiren gepleşiklerinde aýtdy.

Tillerson “Demirgazyk Koreýany ýadro ýaragyndan el çekmek nokadyna getirmek boýunça” 20 ýyllap edilen tagallalaryň şowsuzlygyndan soň “täzeçe çemeleşmek” gerek diýdi.

Tillersonyň ABŞ-nyň baş diplomaty wezipesinde Aziýa edýän bu ilkinji saparynyň dowamynda prezident Donald Trampyň bu meselä nädip çemeleşjekdigi mälim edilmedi.

“Demirgazyk Koreýanyň we onuň halkynyň Birleşen Ştatlardan we regiondaky goňşularyndan gorkmazlygy gerek, olar Demirgazyk Koreýa bilen diňe parahatçylykda ýaşamak isleýärler” diýip Tillerson atdy.

XS
SM
MD
LG