Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa we Orsýet ýakyn hyzmatdaşlygyň düýbüni tutýar


Ýaponiýanyň we Orsýetiň daşary işler hem goranmak ministrleri Fumio Kişida (2-nji çepden), Tomomi Inada (1-nji sagdan), Sergeý Lawrow (2-nji sagdan) we Sergeý Şoýgu (1-nji çepden) bilelkdäki maslahatda, Tokyo, 20-nji mart, 2017.
Ýaponiýanyň we Orsýetiň daşary işler hem goranmak ministrleri Fumio Kişida (2-nji çepden), Tomomi Inada (1-nji sagdan), Sergeý Lawrow (2-nji sagdan) we Sergeý Şoýgu (1-nji çepden) bilelkdäki maslahatda, Tokyo, 20-nji mart, 2017.

Ýaponiýanyň we Orsýetiň daşary işler hem goranmak ministrleri “iki-plus-iki” diýlip atlandyrylýan gepleşiklere başladylar. Gün tertibinde regional howpsuzlygy we kiçi adalaryň üstünde onlarça ýyllap dowam edýän dawa degişli meseleleriň ara alnyp maslahat ediljekdigi aýdyldy.

20-nji martda Tokyoda başlanýan bir günlük bu gepleşikler 2013-nji ýylyň noýabr aýynda bolan esaslandyryjy maslahatdan bäri ilkinji gezek geçirilýär.

Bu formatdaky ozalky gepleşikler Ukrainadaky krizis sebäpli ýatyrylypdy, sebäbi Tokyo Moskwanyň Krymy bikanun anneksiýa etmegine we gündogar Ukrainada separatistleri goldamagyna garşy girizilen halkara sanksiýalaryna goşulypdy.

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kişida orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy, goranmak ministri Tomomi Inada kärdeşi Sergeý Şoýgu bilen duşuşar. Iki ýurduň dört resmisi günüň dowamynda bilelikde hem gepleşik geçirer.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gepleşikler tapgyrynyň başynda eden çykyşynda iki ýurduň global we regional meseleler barada “umumy çemeleşmek ýollaryny kabul” etmeginiň möhümdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG