Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň polisiýasy terrorçylykly hüjüm bilen baglylykda ýedi adamy tussag edendigini aýtdy


London, 23-nji mart, 2017.
London, 23-nji mart, 2017.

Britaniýanyň polisiýasy gün ozal Londonda parlamentiň golaýynda bolan terrorçylykly hüjüm bilen baglylykda ýedi adamy tussag edendigini 23-nji martda habar berdi.

Britaniýanyň terrora garşy baş ofiseri Mark Rowleý Londonda, Birmenghemde we beýleki ýerlerde alty sany dürli adres boýunça barlaglaryň geçirilendigini aýtdy, emma detallary bermekden ýüz öwürdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý parlamentiň golaýynda terrorçylykly hüjümde üç adamy ödüren hüjümçiniň Britaniýada doglan adamdygyny 23-nji martda aýtdy. Maý hüjümçiniň "esasy şahs" däldigini we onuň howpsuzlyk häkimiýetlerine öňem mälim bolandygyny, birnäçe ýyl mundan ozal zorlukly ekstremizm bilen baglylykda derňew astyna düşendigini mälim etdi.

Häkimiýetler 22-nji martda bolan hüjümde 40 çemesi adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar. Hüjümçi polisiýa ofiserini pyçaklady, ol soň hassahanada ýogaldy.

Beýleki pidalar Westminster köprüsinde hüjümçiniň awtoulag bilen urduran adamlary boldy. Hüjümçi polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG