Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Özbegistandan tehnikany, dökünleri satyn alar


Türkmenistan
Türkmenistan

Türkmenistan Özbegistandan tehnikany we dökünleri satyn alar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna görä, Türkmenistanyň Demirýol transport ministrligi öz hasabyna azyk görnüşli wagonlary sement daşaýan ulaga öwürmek boýunça “Andižan mehanika zawody” bilen şertnama baglaşar, diýip media maglumatlary habar berýär.

Maglumata görä, Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministrlikleri Özbegistandan oba hojalyk tehnikasyny we enjamlaryny satyn almak üçin“Uzsanoateksport” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar, “Türkmenhimiýa” konserni bolsa bu agzalan özbek kompaniýasyndan 30 müň tonna fosfor dökünlerini satyn alar.

Türkmenistan oba hojalyk tehnikasyny esasan Belarusdan we ABŞ-dan satyn alýar. 31-nji martda Türkmenistan ýylda 1.4 million tonna kaliý dökünlerini öndürýän kärhanasyny işe girizýär.

XS
SM
MD
LG