Sepleriň elýeterliligi

Şwed polisiýasy ýük maşyn hüjümini 'eden' özbegistanlyny tutdy


Şwed polisiýasy 8-nji aprelde bir gün ozal merkezi Stokgolmda dört adamyň öldürilmegi bilen bagly tussag edilen 39 ýaşyndaky erkegiň Merkezi Aziýanyö Özbegistan respublikasyndan bolandygyny tassyk etdi.

Onuň merkezdäki uniwermagda adamlaryň üstünden süren ýük ulagyndan tapylan enjammyň barlanylýbandygy aýdylýar.

"Biz ýük maşynyndan bir zat tapdyk, ýagny ol ýerde bolmaly däl bir tehniki enjam tapdyk. Men edil häzirki pursatda onuň bombadygyny ýa nähilidir bir otlanýan maddadygyny aýdyp biljek däl” diýip, şwed polisiýasynyň başlygy Dan Eliasson metbugat ýygnagynda aýtdy.

Baş prokuror Hans Ihrman güman edilýäniň 7-nji aprelde, Stokgolmyň demirgazyk eteginde tussag edilendigini aýtdy.

Bu hadysada 4 adam ölüp, 15 adam ýarlandy.

Ol adam 7-nji aprelde, Stokgolmyň demirgazyk eteginde tussag edildi. Biraz öň, Drottninggatandaky hüjümde ulanylan ogurlyk ýük maşynyň dreňewi bilen bagly, polisiýa onuň suratyny çap edipdi.

Swesiýanyň jemgyýetçilik radiosy we “Aftonbladet” gazeti, ady aýdylmaýan german aňtaw agentine salgylanyp, güman edilip tutulan we tussaghanada saklanýan adamyň özbek asylly 39 ýaşyndaky erkekdigini habar berdi.

Polisiýanyň sözçüsi ozal bu maglumata düşündiriş bermekden boýun gaçyrypdy.

Biraz öň prokuror Hans Ihrman bir adamyň resmi taýdan terrorçylykda adam öldürmek aýyplamasy bilen aýyplanandygyny aýtdy. Prokuror onuň 11-nji aprelde günortan sud diňlenişigine çykaryljakdygny ýa-da azat ediljekdigini aýtdy.

Polisiýa çeşmelerine salgylanmak bilen, Şwesiýanyň SVT-si polisiýanyň bu jenaýat işi bilen baglylykda ikinji adamy hem tussag edendigini aýtdy. Emma polisiýa özleriniň başga güman edilýänleri tutandyklary ýa däldigi baradaky soraga jogap bermekden saklandy.

“Aftonbladet” gazeti “Spendrups” piwo kompaniýasynyň sözçüsine salgylanyp, bu hadysada ulanylan ýük maşynynyň şol gün irden ýük düşürýän wagy maskaly adam tarapyndan ogurlanandygyny aýtdy. Kompaniýa sürüjiniň sag-amandygyny aýtdy.

Ogurlanan ýük maşyny sagat 3 töwereginde Ahlens uniwermagyna gelip urmazdan öň esasy pyýada ýoly bilen 500 metrden gowrak ýere sürlüpdir.

Häkimiýetler ýük maşynyndan partlaýjy maddaly sumkanyň tapylandygy baradaky metbugat habarlaryna düşündiriş bermekden boýun gaçyrdylar.

Stokgolmyň Karolinska hassahanasy 8-nji aprelde irden ýaraly bolanlaryň altysynyň hassahanadan çykmaga ýarandygyny, emma sekiz sany uly adamyň we bir çaganyň heniz hem hassahanada saklanylýandygyny aýtdy.

Bu hüjümden soň bada-bat onuň jogapkärçiligini öz üstüne alan tapylmady, emma häkimiýetler muňa terrorçy hüjümi hökmünde çemeleşýändiklerini aýtdylar.

"Şwesiýa hüjüm edildi. Bu munuň terror hereketinidigini görkezýär” diýip, Şwesiýanyň premýer-ministri Stefan Lofven aýtdy. Ol terroryň şwed demokratiýasyny gowşatmagyna ýol berilmejekdigini aýtdy.

Lofven biraz soňra, hüjüme jogap edip, ýurduň serhet gözegçiligini bolmanda gelýän 10 gün üçin berkidýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG