Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Siriýadaky heläkçilikler üçin Orsýeti günäleýär


Britaniýanyň daşary işler sekretary Boris Johnson
Britaniýanyň daşary işler sekretary Boris Johnson

Britaniýanyň goranmak sekretary Sir Maýkl Fallon geçen hepde siriýa şäherine edilen we onlarça aýal-erkegi, çagany öldüren “wagşyýana” himiki hüjümde “ýogalan her bir graždan” üçin Orsýetiň günäkärlenilmelidigini aýtdy.

Fallon “Sunday Times” gazetinde çap edilen makalasynda Kremliň, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assaadyň režimini “prinsipial goldaýjy” hökmünde, “gepleşik esasynda” jogapkär bolandygyny aýtdy.

Ol bu gaz hüjümini Orsýetiň gözegçiligi astynda bolan uruş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirdi.

"Soňky birnäçe ýylda olaryň jylawlary çekmek we bu raýat urşuny duruzmak üçin ähli mümkinçiligi boldy. Orsýet bu režimiň synmagy üçin zerur bolan aýgytlylygyny görkezmeli” diýip, Fallon ýazdy.

Bu pikir Britaniýanyň daşary işler sekretary Boris Johnsonyň Moskwa 10-njy aprelde planlaşdyrlan saparyny ýatyrýandygny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Jonhson Birleşen Şatatlaryň güman edilýän himiki ýarag hüjümi bilen baglylykda Siriýa howa zarbasyny urmagy bilen ol ýerdäki ýagdaýlaryň düýpli üýtgändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG