Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt-Peterburg partlamasynda ölenleriň sany 15 boldy


Rus häkimiýetleri bu hüjümi Akbarjon Jalilowyň amala aşyrandygyny aýtdylar.
Rus häkimiýetleri bu hüjümi Akbarjon Jalilowyň amala aşyrandygyny aýtdylar.

3-nji aprelde Sankt-Peterburgda bolan metro partlamasynda ölenleriň sany 15-e ýetdi.

Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň orunbasary Anna Mitýanina 12-nji aprelde partlamada ýaraly bolanlaryň biriniň hasshanada jan berendigini aýtdy.

Rus häkimiýetleri bu hüjümi partlamada ölenleriň biri, Gyrgyzystanda doglan 22 ýaşly Akbarjon Jalilowyň amala aşyrandygyny aýtdylar.

“Roýters” habar gullugy uly derejeli türk resmisiniň 12-nji aprelde aýdan sözüne salgylanyp, Jalilowyň 2015-nji ýylyň aýagynda Türkiýä girendigini we bir ýyl çemesi soň migrasiýa düzgünlerini bozandygy üçin Russiýa deportasiýa edilendigini habar berdi.

Ölenlerden başga 50 çemesi adamy ýaralan metro partlamasynyň jogapkärçiligini hiç topar öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG