Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümeti ABŞ-nyň güýçli bombany Kabul bilen sazlaşykly atandygyny aýtdy


GBU-43/B kysymly howa bombasy
GBU-43/B kysymly howa bombasy

Owganystanyň resmileri Nangarhar welaýatynda “Yslam döwleti” toparynyň bazasyna hüjüm etmek üçin güýçli bombanyň ulanylmagynyň ýurduň hökümeti bilen sazlaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Owganystanyň gündogarynda YD toparynyň söweşijileriniň ulanýan ýerzeminler toplumyna ABŞ tarapyndan atylan ýaragyň ýadro bolmadyk iň uly bombadygyny we hüjümiň netijesinde “Yslam döwleti” toparynyň azyndan 36 agzasynyň öldürilendigini, Goranmak ministrligi öz beýannamasynda aýdýar.

Öldürlenleriň sany dessine garaşsyz çeşmelerden tassyklanmady, emma ministrligiň metbugat wekili Dawlat Waziri bu güýçli partlamada hiç bir raýatyň heläk bolmandygyny aýtdy.

Owganystanyň prezidentiniň administrasiýasy bombanyň hökümet bilen sazlaşdyrylyp atylandygyny aýtdy we “howa hüjümi Owganystanyň milli howpsuzlyk güýçleriniň we ABŞ-nyň güýçleriniň tagallalaryny goldamak üçin geçirildi” diýip habar berdi.

XS
SM
MD
LG