Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Gazagystana sapar eder


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-19-njy aprelde Gazagystan respublikasynda döwlet saparynda bolar. Bu barada anna güni, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Prezident Berdimuhamedow türkmen DIM-niň başlygy Reşid Meredowyň sapara görülýän taýýarlyk baradaky hasabatyny diňläp, ýokary derejelerde geçiriljek duşuşygyň “özara gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini ähli ugurlar boýunça durmuşa geçirmäge... ýardam berjekdigini belledi” diýip, TDH habar berýär.

Mundan öň türkmen prezidentiniň Gazagystana saparynyň 12-nji aprele planlaşdyrylandygy habar berlipdi. Soňra garaşsyz habar serişdeleri, hususan-da TAH Berdimuhamedowyň Astana saparynyň 18-nji aprele yza süýşürilendigini habar berdi.

Şeýle-de garaşsyz habar serişdelerinde bu gijikmäniň RF-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikiolaý Patruşewiň Aşgabada gelmegi bilen baglydygy barada çaklamalar aýdyldy. Emma türkmen we rus häkimiýetleri bu aýdylýanlara hiç bir düşündiriş bermediler.

XS
SM
MD
LG