Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Ewakuasiýa edilenlere edilen hüjümde 112 adam öldi


 Olar demirgazykdaky iki şäherden ewakuasiýa edilen adamlardy.
Olar demirgazykdaky iki şäherden ewakuasiýa edilen adamlardy.

Hökümet elindäki iki şäherden ewakuasiýa edilen siriýalylary alyp barýan awtobusa edilen bomba hüjüminde ölenleriň sany, gözegçi toparyň tassyklamagyna görä, azyndan 112-ä ýetdi.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy 15-nji aprelde, Alepponyň günbataryndaky geçiş nokadynda partlaýjy ýüklenen maşyn awtobuslaryna gelip uranda, ewakuasiýa edilenleriň 98-siniň wepat bolandygyny aýtdy. Olar demirgazykdaky iki şäherden ewakuasiýa edilen adamlardy.

Ölenleriň beýlekileri kömek işgärleri we awtobuslary goramak tabşyrylan pitneçiler diýip, düýbi Britaniýada ýerleşýän gurama aýtdy. Ölenleriň sanynyň mundan beýläk hem artmagy ahmal diýip, gurama duýdurdy.

Siriýanyň döwlet mediasy 15-nji aprelde bu partlamada azyndan 39 adamyň ölendigini habar berdi, şonda Adam hukuklary obserwatoriýasy pidalaryň sanynyň 43 bolandygyny habar beripdi.

Siriýanyň Raýat goranyş guramasy öz meýletinçileriniň 100 jesedi sanandygyny aýtdy. Ölenleriň içinde çagalar, aýallar, pitneçi söweşijiler hem bar diýip, “Ak kaskalylar” diýip tanalýan gurama aýtdy.Awtobuslar prezident başar al-Assadyň hökümetiniň goldawçylary bolan müňlerçe şaýyny alyp gelýärdi.

XS
SM
MD
LG