Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Prezident saýlawlarynda bäsleşmek üçin 1600 adam arza berdi


Bagher Ghalibaf (Ç) we Eshagh Jahangiri prezident saýlawlarynda kandidatlyga hasaba alyndy, 15-nji aprel, 2017.

15-nji aprelde dalaşgärleriň arza bermegi üçin bellenen resmi möhletiň soňlanmagy bilen, Eýranda prezident saýlawlaryna kandidat bolmak üçin 1600-den gowrak adam arza berdi.

19-njy maýda geçmeli prezident saýlawlary üçin soňky minutlarda arza berenleriň biri hem Tähranyň häkimi, 55 ýaşyndaky Mohammad Bagher Ghalibaf bolup durýar.

Ol Içeri işler ministrligine hasaba alyşlygyň tamam bolmagynyň öň ýanynda geldi.

Soňky pursatda hasaba alnanlaryň ýene biri bolsa, 60 ýaşyndaky birinji wise-prezident Eshagh Jahangiri bolup durýar. Ol 14-nji aprelde kandidatlygahasaba alnan aram prezidentHassan Rohaniniň ýakyn ýarany hasaplanýar.

Ekspertler reformaçy Jahangiriniň, Rohanikandidatlary elekden geçirýän Sakçylar geňeşi tarapyndan saklansa, potensial alternatiwa hökmünde öňe çykandygyny çaklaýarlar.

"Men Rohani bilen ýanma-ýan durun” diýip, Jahangiri žurnalistlere aýtdy. Dalaşgärleri saýlawdan öň elekden geçirýän Geňeş adatça ruhanylaryň dolandyryşyna wehim salar öýdülýän kandidatlary tassyklamaýar.

Bu gurama 2013-nji ýylda ozalky prezident Akbar Haşemi Rafsanjanini saýlawa gatnaşmasyz etdi. Resmiler jemi 1,636 adamyň saýlawda bäsleşmek üçin hasaba alnandygyny, olaryň 137-siniň aýallardygyny aýtdylar.

Sakçylar geňeşi mundan öň aýallaryň prezident saýlawynda bäsleşmegine rugsat bermändi. Adatça, ahyrynda alty kandidat bäsleşige çykmaga tassyknama alýar.

Saýlaw kampaniýasy resmi taýdan 28-nji aprelde açylýar, saýlaw 19-njy maýda geçirilmeli. 56 ýaşyndaky Ebrahim Raisi, ýokary ruhany lider aýatolla Ali Hameneýiniň ýakyn ýarany 14-nji aprelde kandidatlyga arza berdi. Köpler ony 68 ýaşyndaky Rohaniniň esasy garşydaşy hasaplaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG