Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi McMaster Kabula geldi


Prezident Donald Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. McMaster

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. McMaster gepleşik geçirmek üçin Kabula geldi.

Bu sapar amerikan harbylarynyň gündogar Owganystanda, YD jeňçilerine garşy ýadro bolmadyk iň uly bombany ulanyp, ýüze golaý jeňçini öldürmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

McMaster twitterde özüniň “özara hyzmatdaşlygyň örän möhüm gepleşikleri” üçin Owganystana gelendigini aýtdy.

Owganystanyň prezident köşgi bolsa twitterde prezident Aşraf Gani bilen McMasteriň16-njy apreldäki duşuşyk mahalynda "ikitaraplaýyn gatnaşyklary, howpsuzlygy, terrora garşy göreşi, reformalary, [we] ösüşi” maslahat edendiklerini aýtdy.

Amerikan harbylarynyň 13-nji aprelde gündogardaky Nangarhar welaýatynda, YD pozisiýalaryna taşlan ägirt uly GBU-43/B bombasy söweşde ilkinji gezek ulanyldy.

Owgan resmileri bu bombanyň 94 jeňçini öldürendigini, asuda ilatdan pidalaryň bolmandygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG