Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýäniň baş saýlaw ýolbaşçysy referendumyň netijeleri kanuny diýdi


Türkiýäniň prezident Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň saýlaw edarasynyň ýolbaşçysy prezident Rejep Taýyp Erdoganyň häkimiýetini güýçlendirmek boýunça 16-njy aprelde geçirilen referendumyň netijeleriniň güýje girendigini aýtdy.

Sadi Guweniň 17-nji aprelde eden bu çykyşy esasy oppozision toparyň Respublikan halk partiýasynyň ses berişlikde goýberilen bidüzgünçilikler, şol sanda möhürsiz saýlaw býuletenleriň ulanylandygy barada aýdanlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Türkiýäniň Merkezi saýlaw komitetiniň 16-njy aprelde yglan etmegine görä, Konstitusiýa 18 sany goşmaçany girizmek we Erdogana 2029-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyna rugsat berýän gapma-garşylykly referendumda ses berijileriň 51.3% “hawa” diýip, ses beripdir.

Referendumyň netijeleri Türkiýede dabaralaryň we protestleriň geçirilmegine getirdi.

Respublikan halk partiýasy sesleriň 60%-ni gaýtadan sanamagy talap etdi, şeýle-de sanalan sesleriň 37%-ne şübhe bildirýändigini aýtdy.

Saýlaw resmisi Guwen möhür basylmadyk býuletenleriň Ýokary saýlaw geňeşi tarapyndan çykarylandygyny we sanalandygyny belledi.

Şol bir wagtda-da, premýer-ministriň orunbasary Mehmet Simsek ses berişligiň netijesinde wagtyndan irki saýlawlaryň geçirilmejegini aýtdy. Erdoganyň wagtyndan irki saýlawlary geçirmegi talap edip, öz ygtyýarlyklaryny dessine artdyrmak işine girişjegi barada käbir çaklamalar peýda bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG