Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mike Pens Phenýany Trampyň “kesgitliligini” synamazlyga çagyrdy


ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pense (ortada), Koreýanyň ýaragsyz zonasyndaky Panmunjom obasy, 17-nji aprel, 2017.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pens Demirgazyk Koreýany Donald Trampyň “kesgitliligini” synamazlyga çagyrdy we Phenýanyň ýadro ýaragyna degişli programmasyny çäklendirmek boýunça “ähli mümkinçilikleriň el ýüzündedigini aýtdy”.

Pense 17-nji aprelde Seulda geçirilen metbugat-konferensiýasynda eden çykyşynda ABŞ-nyň ýakynda Siriýada we Owganystanda amala aşyran harby hereketleri “täze prezidentimiziň güýjüni we kesgitliligini” görkezdi diýdi.

ABŞ-nyň harbylary şu aýda Siriýanyň howa bazasyna 59 sany Tomahawk raketasyny atdy.

13-nji aprelde ABŞ-nyň harbylary Owganystanda “Yslam döwleti” (YD) atly toparyň gizlenýän ýerlerine söweşlerde ulanylan iň uly ýadro bolmadyk bombasyny atdy.

Pens Koreýanyň berk pugtalandyrylan ýaragsyz zonasynda Panmunjom obasynda eden bu çykyşynda Demirgazyk Koreýa babatyndaky “strategiki çydamlylyk döwrüniň” gutarandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG