Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Eýranyň suwasty gaz ýatagynda önümçiligi iki esse artdyrandygyny aýtdy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani soňky dört ýylyň dowamynda suwasty gaz ýatagynda önümçiligiň iki esse artandygyny aýtdy.

Indiki aýda boljak prezidentlik saýlawlarynda ikinji möhlete dalaş etmäge taýýarlanýan Rohani Günorta pars ýatagynda günde öndürilýän gazyň möçberiniň 540 million kubometre ýetendigini mälim edip, bu görkezijiniň özüniň häkimiýet başyna geçen döwründe 2013-nji ýylda 240 million kubometre barabar bolandygyny belledi.

Ol gaz önümçiliginiň artmagynyň “garşylyk görkezýän ykdysadyýetiň” üstünligini subut edýändigini aýtdy. Ýurduň baş lideri Aýatolla Ali Hamenei ýurduň öz-özüni üpjün etmäge we howplara garşy durmaga ukyply bolmagynyň zerurdygyny nygtapdyr.

Eýranyň nebit ministri Bijan Zangane soňky on ýylyň dowamynda suwasty gaz ýatagynyň önümçiligine 20 milliard dollar möçberinde pul ýatyrylandygyny mälim etdi.

Eýran gaz ýatagyny Katar bilen paýlaşýar. Katar günde 590 milliondan gowrak kubometr gazy öndürýär we önümçiligini 2020-nji ýyla çenli ýene 10% artdyrmagy planlaşdyrýar.

Noýabr aýynda “Total” kompaniýasy gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça Tähran bilen bahasy 4.8 milliard dollarlyk deslapky ylalaşyk baglaşdy.

XS
SM
MD
LG