Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Žurnalistler bileleşiginiň öňki başlygynyň türme möhleti azaldyldy


Gazagystanyň Žurnalistler bileleşiginiň öňki başlygy Seitgazy Mataýew

Gazagystanyň Žurnalistler bileleşiginiň öňki başlygy Seitgazy Mataýewiň alty ýyllyk türme möhleti ýatyrylyp, iki ýyl hem sekiz aý tussaglyk bilen çalşyryldy.

Mataýewiň aklawçysy Madina Bakiýewanyň 18-nji aprelde aýtmagyna görä, onuň müşderisiniň jeza möhleti Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümi mynasybetli yglan edilen amnistiýa boýunça azaldylypdyr.

62 ýaşly Mataýew salgytdan gaçmakda we galplykda aýyplanyp, oktýabr aýynda alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň ogly Aset Mataýew bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Aset Mataýew sud edilmeginden ozal KazTAG täzelikler agentliginiň müdiridi.

Olaryň ikisi-de özlerine ýöňkelýän aýyplamalary ret edýärler. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Seitgazy Mataýewiň galp aýyplamalaryň esasynda sud edilip, žurnalistler bileleşiginiň ýolbaşçysy hökmünde alyp baran işleri sebäpli jezalandyrylandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG