Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pens: ABŞ Demirgazyk Koreýa ‘hemmetaraplaýyn’ gaýtawul berer


Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Maýk Pens (Mike Pence)
Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Maýk Pens (Mike Pence)

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Maýk Pens (Mike Pence) Demirgazyk Koreýany Birleşen Ştatlaryň aýgytlylygyny synaga salmazlygy duýduryp, onuň islendik hüjüme “hemmetaraplaýyn we netijeli” jogap berip biljekdigini wada berdi.

Pens 19-njy aprelde eden çykyşynda Demirgazyk Koreýanyň “Aziýa-Pasifik regionyndaky parahatçylyga we howpsuzlyga wehim salýan iň uly howpdugyny” aýtdy.

Şeýle-de, ol Phenýana ykdysady we diplomatik basyş etmek üçin prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň beýleki ýurtlar bilen “yhlasly işlemegi” dowam etdirjekdigini belläp, Birleşen Ştatlar “hemişe parahatçylyga tarap ymtylar” diýdi.

Amerikan resmisiniň bu çykyşy, Demirgazyk Koreýanyň başa barmadyk raketa atyşyndan birnäçe gün soňa gabat geldi. Halkara ýazgarmalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň sanksiýalaryna garamazdan, Phenýan soňky ýyllarda özüniň ýadro we raketa synaglaryny çaltlaşdyrdy.

XS
SM
MD
LG