Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gara deňizde gäminiň batmagy netijesinde dokuz adam ýitirim boldy


Russiýanyň Gara deňziniň kenarlarynda bir kargo gämisi batansoň, halas ediş gullugynyň işgärleri deňizde ýiten dokuz adamy gözleýärler.

Russiýanyň Derňew komitetiniň beren maglumatyna görä, halas ediş işgärleri 19-njy aprelde batan gämidäki ekipaž agzalarynyň üç sanysyny halas etdiler. Ýöne gözleg işlerini tupanly howa şertleriniň kynlaşdyrýandygy habar berilýär.

Panama baýdakly gämi Russiýanyň günortasyndaky Rostow regionyndan Türkiýä galla alyp barýardy.

Bu gämi Russiýa bilen Krymyň arasyndaky Azow deňzini we Gara deňzi birikdirýän Kerç aýlagynda radar gözegçiliginden ýitdi.

Regional rus resmileriniň aýtmagyna görä, gämide dokuz ukrainaly, iki orsýetli we bir gürjüstanly adam bardy.

Gäminiň näme sebäpden batandygy barada henize çenli maglumat berilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG