Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystan: Äpet bomba özbek, täjik we rus söweşijilerini öldürdi


“Ähli bombalaryň enesi” ýa-da “MOAB” diýlip atlandyrylýan “GBU-43/B” kysymly bomba

Geçen hepde Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň gowaklar toplumyna taşlanan äpet ABŞ bombasynda pakistanly, täjigistanly, özbegistanly, orsýetli, hindistanly we beýleki döwletlerden bolan söweşijiler öldürildi diýip, owgan resmisi aýtdy.

“Bu hüjümde öldürilen söweşijileriň aglabasy Pakistandan, Hindistandan, Filippinlerden we Bangladeşdendi” diýip, 18-nji aprelde Owgan Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Mohammad Radmaniş belledi.

“Ähli bombalaryň enesi” ýa-da “MOAB” diýlip atlandyrylýan “GBU-43/B” kysymly bombanyň “Yslam döwletiniň” jeňçileriniň 96-syny, şol sanda bu toparyň ýokary derejeli dört liderini öldürdi diýip, Pentagon we owgan resmileri aýtdylar.

Şeýle-de, bu bombanyň 300 metr uzynlygyndaky gowaklar ulgamyny, şeýle-de uly mukdarda ýeňil we agyr ýaraglary ýok edendigi habar berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG