Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy 'maksada ýetirmeýär' diýdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson 19-njy aprelde2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny berk tankytlap, onuň “diňe olaryň ýadro ýaragly döwlete öwrülmegini gijikdirýändigini” we Eýranyň Ýakyn Gündogarda dowam edýän howsalaly prowokasiýalaryna galtaşmaýandygyny aýtdy.

Tillerson Tramp adminstrasiýasynyň 90 günlük synynda diňe Eýranyň bu ylalaşygyň düzgünlerini berjaý edip-etmeýändigini däl, Döwlet departamentiniň 18-nji aprelde tassyk edişi ýaly, Tähranyň sebitde ABŞ bähbitlerini gowşatmak ugrunda alyp barýan işlerini hem seljerjekdigini aýtdy.

Bu ylalaşyk “Eýrany ýadro ýaragyny edinmekden saklamak maksadyny amala aşyrmaýar” diýip,Tillerson metbugat ýygnagynda aýtdy. "Bu diňe olaryň ýadro ýaragly döwlete öwrülmegini gijikdirýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýran gaýta-gaýta ýadro ýaragyny edinmekçi bolmaýandygyny aýdýar, emma Tillerson Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmek tagallalary dünýä parahatçylygyna we durnuklylygyna howp bolup durýar diýdi.

Saklanylmadyk Eýranyň Demirgazyk Koreýanyň ýolundan gitmek we dünýäni özi bilen äkitmek potensialy bar diýip, ol aýtdy. Tillerson Tramp administrasiýasynyň bu ylalaşyga şu aladalar esasynda gaýtadan syn etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG