Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orýset BMG-da Demirgazyk Koreýany ýazgarmaly beýanatyň öňüni baglady


Demirgazyk Koreýa Phenýan paradynda raketalaryny görkezýär.

Orsýet BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Demirgazyk Koreýanyň soňky raketa synaglaryny ýazgarýan beýanatynyň öňüni baglady, ýogsam bolmanda Hytaý Birleşen Ştatlar tarapyndan taslanan berk sözli beýanaty goldady diýip, diplomatlar aýtdylar.

19-njy aprelde teklip edilen beýanat Demirgazyk Koreýanyň mundan beýläk ýadro ýaraglaryny synamazlygyny talap etmelidi.

Orsýet mundan öňki beýanatyň içine çözgüde dialog arkaly gelmeli diýen sözüň goşulmagyny isledi diýip, diplomatlar aýtdylar.

Geçen aý Geňeş Demirgazyk Koreýanyň atan üç raketasyny berk ýazgarmakda birleşdi we Phenýanyň “barha beterleşýän durnuksyzlaşdyryjy gylygyndan” çynlakaý alada bildirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG