Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Demirgazyk Gazagystana gelen agyr sil ýüzlerçe jaýy ýumurdy


Halas edijiler, Aktobe. 16-njy aprel, 2017

Gazagystanyň demirgazyk regionlaryna gelen agyr sil ýüzlerçe binany ýykdy, müňlerçe adamyň ýaşaýan ýerlerinden ewakuasiýa edilmegine we döwletiň tebigy hadysa ýeterlik taýýarlyk görmezlikde aýyplanmagyna sebäp boldy.

Ýaşaýjylar bu sil bilen bagly azyndan alty adamyň ölendigini aýdýarlar, emma häkimiýetler pidalaryň bolandygyny inkär edýärler.

Demirgazyk Gazagystan sebitiniň häkimiýetleri 20-nji aprelde esasy suw howdanyndaky suw derejesiniň aňrybaş derejeden üç metr çemesi ýokarydygyny aýtdylar.

Içeri işler ministri Kalmukhanbet Kasymov 19-njy aprelde Akmola, Pawlodar, Kostanaý, Demirgazyk Gazagystan, Gündoagar Gazagystan, Gargandy we Aktobe sebitlerinde 2 müň çemesi binanyň ýykylandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG