Sepleriň elýeterliligi

Dortmund futbol klubunyň awtobusyna hüjüm eden adam tussag edildi


Dortmund futbol klubunyň awtobusy, Germaniýa 11-nji aprel, 2017.

Germaniýanyň häkimiýetleri geçen hepdede abraýly futbol komandasynyň agzalaryny alyp barýan awtobusa hüjüm etmekde güman edilýän Orsýetiň we Germaniýanyň goşa raýatlygyna eýe bolan adamy tussag edendigini aýtdylar.

Federal prokurorlar 21-nji aprelde Tuebbingen şäherinde tussag edilen adamy 28 ýaşly Sergeý W. diýip tanatdylar we onuň adam öldürmäge synanyşmakda we birnäçe şikes ýetiren bomba partlamasyny amala aşyrmakda güman edilýändigini mälim etdiler.

11-nji aprelde Borussia Dortmund futbol klubunyň awtobusynyň öňünde üç sany bomba partladylypdy. Çempionlar ligasynyň oýnunyň geçýän ýerinde emele gelen partlama zerarly sportsmen we polisiýa ofiseri ýaralandy.

Prokurorlaryň beýannamasynda aýdylyşyna görä, hüjümçi maliýe bazarynda futbol klubunyň aksiýalarynyň pese gaçmagyny gazanmak isläpdir.

XS
SM
MD
LG