Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan uruş weteranlaryna prezidentiň adyndan 200 manat berer


Türkmenistan. Beýik watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ýadygärligi
Türkmenistan. Beýik watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ýadygärligi

Türkmen mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz adyndan uruş weteranlaryna sowgat bermek baradaky permana gol çekendigini habar berýär.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna 200 manat möçberinde pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurlar diýip, habarda aýdylýar.

Permana laýyklykda, bu sowagatlary welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasy Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan, dabaraly ýagdaýda gowşurmaly edildi.

XS
SM
MD
LG