Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balh welaýatyndaky harby baza edilen hüjümde 100-den gowrak harby öldi


General Daulat Waziri

Owgan resmileri 21-nji aprelde Balh welaýatyndaky harby baza edilen “talyban” hüjüminde 100-den gowrak harby gullukçynyň öldürilendigini aýdýarlar.

Goranmak ministrliginiň sözçüsi Daulat Waziri 22-nji aprelde pidalaryň tas ählisiniň owgan Milli goşunynyň 209-njy korpusynyň agzalary bolandygyny aýtdy.

Ol 10 sany jeňçiniň owgan harbylarynyň lybasyny geýip, janyndan geçenleriň kast ediş hüjümini amala aşyrandygyny, ýene bir 8 jeňçiniň bolsa ýaragly söweş mahalynda öldürilendigini aýtdy.

Balh welaýatynyň geňeşiniň başlygy Mohammad Ibrahim Khair Andeş dpa habar gullugyna bu hadysada azyndan 140 esgeriň öldürilendigini, 160-synyň ýaraly bolandygyny aýtdy. Emma bu sanlar tassyklanylmady.

“Talyban” bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we 500-den gowrak esgeriň öldürilendigini ýa ýaraly bolandygyny aýtdy.

“Talybanyň” beýanatynda hüjümçileriň dördüsiniň şol bazada ýerleşdirilen esgerler bolandygy aýdylýar.

Bu hüjümde metjitde anna namazyna we nahar zalyna toplanan esgerler nyşana alyndy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG