Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan 2017-de $6,7 milliardlyk desgany 'açar'


Aşgabat görnüşi, 2015 ý.

Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” syýahatçylyk zolagynda ýene onlarça kottej gurlar.

TDH-nyň maglumatyna görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu ýerde jemi 66 sany iki gatly kotteji,suwa düşülýän howuzlary, sport hem-de çagalar üçin oýun meýdançalaryny, jemgyýetçilik iýmiti desgasy bolan bäş sany dynç alyş toplumyny gurmaklygy teklip edýärler.

Neşiriň maglumatyna görä, bu teklip Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hem goldanylýar. Emma bu gurluşyklaryň nähili serişdeler esasynda maliýeleşdiriljekdigi aýdylmady.

Mundanam başga, hökümet maslahatynda 2017-nji ýylda ulanmaga berilmegi planlaşdyrylýan desgalaryň sanawy tassyklandy.

Aýdylmagyna görä, bu sanawa ozal prezident tarapyndan tassyklanan we umumy bahasy 6.7 milliard amerikan dollaryna barabar 586 bina girýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG