Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran Tramp ýadro ylalaşygyny bozmak üçin bahana gözleýär diýýär


Evranyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Abbas Aragçi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny bozmak üçin bahana gözleýär, “Biz muňa ýol bermeris” diýdi.

Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Abbas Aragçi 22-nji aprelde çap edilen beýanatda öz ýurdunyň bu meseläni 25-nji aprelde Wenada, 2015-nji ýylyň iýul ylalaşygynyň durmuşa geçirilişi barada planlaşdyrylan duşuşykda orta atjakdygny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson 19-njy aprelde ozalky adminstrasiýa mahalynda baglaşylan ylalaşygy berk tankyt etdi we onuň diňe “olaryň ýadro ýaragly döwlete öwrülmegini gijikdirýandigini”, Eýranyň “Ýakyn Gündogarda dowam edýän howsalaly prowakasiýalaryna galtaşmaýandygyny” öňe sürdi.

Tillerson Eýranyň “ýadro ýaragly döwlet bolmak meýilleri dünýä parahatçylygyna we howpsuzlygyna wehim salýar” diýdi. Ol saklanylmadyk Eýranyň Demirgazyk Koreýanyň ýolundan gitmek we dünýäni özi bilen äkitmek mümkinçiligi bar diýdi.

Eýran muňa, Tährany aýyplamaga derek, Birleşen Ştatlar baglaşylan ylalaşyk astynda “öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirsin” diýip jogap berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG