Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Siriýa harby baza edilen “ysraýyl hüjüminde” üç adam öldi diýýär


Golan belentliginde tälim okuwyny geçýän ysraýyl esgerleri.

23-nji aprelde Golen belentlikleriniň golaýynda hökümete tarapdar güýçleriň siriýa lagerine edilen ysraýyl hüjüminde üç söweşiji öldürildi diýip, şol güýçleriň bir resmisi aýtdy.

Diýilýän hüjüm Golan belentliginiň Siriýa tarapyndaky Kuneýtrada, režime tarapdar Milli goranyş güýçleriniň lagerini nyşana alypdyr diýip, Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy habar berdi.

Siriýanyň resmi SANA habar gullugy ysraýyl zarbasynyň Siriýanyň goşun pozisiýasyna urup, “zyýana sebäp bolandygyny” aýtdy.

Siriýa güýçleriniň resmisi AFP habar gullugyna bu zyýanyň howa zarbasyndan ýa top okundan ýetendigi aýdyň däl diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG