Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistanyň Gýumri şäherinde rus esgeri öldürildi


Gýumri şäherinde pyçak ýarasyndan ölen rus esgeriniň jesedi tapyldy. 22-nji aprel, 2017

Ermenistanyň demirgazykdaky Gýumri şäherinde, rus harby garnizonynyň ýerleşýän ýerinde pyçak ýarasyndan ölen rus esgeriniň jesedi tapyldy.

2015-nji ýylda bu ýerdäki garnizonda gulluk edýän rus esgerleriniň biriniň ermeni maşgalasynyň agzalaryny öldürmegi ozaky sowet respublikasynda uly gahar-gazaba sebäp bolupdy.

Kanun goraýjylar jesedi tapylan esgeriň şahsyýetiniň anyklanandygyny, onuň 21 ýaşyndaky Dmitriý Ýalpaýew bolandygyny aýtdylar.

Orsýetiň TASS habar gullugy Orsýetiň Goranmak ministrliginiň Günorta harby okrugyna salgylanyp, onuň 102-nji harby bazanyň esgeri bolandygyny tassyklady.

Bu harby bazada 3 müň çemesi rus harbysy gulluk edýär. Ermenistanyň Baş prokuraturasy bu jenaýat işinde güman edilýän 20 ýaşly erkegiň saklanandygyny, derňewiň dowam edýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG