Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gündogar Ukrainada ÝHHG-nyň işgäri öldürildi


Sebastian Kurz

ÝHHG 23-nji aprelde, gündogar Ukrainadaky monitoring missiýasynyň maşyny minanyň üstünden baranda, bir işgäriniň öldürilendigini, ikisiniň ýaraly bolandygyny aýtdy.

"Ukrainadan betbagtçylyk habary geldi:patrul maşyny minanyň üstünden bardy. ÝHHG-nyň bir patrul agzasy öldürildi, beýlekisi ýaralandy” diýip, Awstriýanyň daşary işler ministri we ÝHHG-nyň häzirki başlygy Sebastian Kurz twitterde ýazdy.

ÝHHG-nyň resmisi Azatlyk radiosynyň habarçysyna pidanyň we ejir çekenleriň atlarynyň bu habar olaryňmaşgalalaryna ýetirilenden soň aýan ediljekdigini aýtdy.

Kurz bu işiň doly derňelmegini talap etdi we jogapkärlerden hasap soraljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG