Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde ok atyşygyň pidasy bolan gyrgyz raýaty keselhanada galýar


Orsýetiň häkimiýetleri ýetginjek ýaşly adamyň Federal howpsuzlyk gullugynda (FSB) edarasynda ot açyp, bir ofiseri hem ýene bir adamy öldürendigini aýtdylar, Habarowsk, 21-nji aprel, 2017.

Gyrgyzystanly diplomat Orsýetde bolan ok atyşygyň pidasy bolan gyrgyz raýatynyň ýanyna baryp gaýtdy.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Aimkan Kulukeýewanyň 24-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 37 ýaşly gyrgyz raýaty Talant Jumaýew 21-nji aprelde Uzak Gündogar şäheri Habarowskda bolan ok atyşykda agyr ýaralanypdyr.

Orsýetiň häkimiýetleri ok atyşygyň ýigrenç sebäpli bolandygyny çak edýärler.

Kulukeýewa Gyrgyzystanyň Habarowskdaky konsuly Kadyrbek Myrzabaýewiň 24-nji aprelde Jumaýewiň ýanyna keselhana baryp gaýdandygyny aýtdy.

Orsýetiň häkimiýetleri ýetginjek ýaşly adamyň Federal howpsuzlyk gullugynda (FSB) edarasynda ot açyp, bir ofiseri hem ýene bir adamy öldürendigini aýtdylar.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi ikinji pidanyň Özbegistanyň raýaty bolandygyny aýdýar.

Hüjümçi öldürildi. Jumaýew diri galan ýeke-täk pida.

Orsýetiň Derňew komitetiniň 21-nji aprelde aýtmagyna görä, häkimiýetler hüjümçiniň “başga milli toparlardan bolan adamlara bolan ýigrenji tutaşdyrýan neo-nasist garaýyşlara ýykgyn edendigini” çak edýärler.

XS
SM
MD
LG