Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mattis Owganystana bardy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis, Kabul, headquarters in the Afghan capital Kabul, 24-nji aprel, 2017

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis 24-nji aprelde öňünden yglan edilmedik sapar bilen Owganystana bardy we “Talybana” hem beýleki söweşijilere garşy göreş bilen bagly zerurlyklary öwrendi.

Mattisiň Kabulda owgan resmileri we ABŞ-nyň harbylary bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Onuň sapary Owganystanyň goranmak ministri Abdullah Habibiniň we Owganystanyň goşunynyň ýolbaşçysynyň 21-nji aprelde “Talybanyň” owgan goşunyň bazasyna hüjüm edip, onlarça esgeri öldürmegi sebäpli wezipelerinden çekilmegine gabat geldi.

Goranmak ministrligi Mazar-e Şarifde bolan hüjüm zerarly 100-den gowrak adamyň heläk bolandygyny ýa-da ýaralanandygyny aýtdy, emma Kabulyň resmileri 130-dan gowrak adamyň wepat bolandygyny AÝ/AR-na aýtdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy Owganystan boýunça öz strategiýasyny düzmäge synanyşýar.

“Talybanyň” söweşijileri 15 ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň uly bölegini öz gözegçiliginde saklaýarlar.

XS
SM
MD
LG