Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestde tussag edilen orsýetli Ýewropanyň adam hukuklary boýunça suduna ýüzlendi


“Agora” toparynyň başlygy Pawel Çikow
“Agora” toparynyň başlygy Pawel Çikow

Orsýetde 26-njy martda geçirilen hökümete garşy protestleriň dowamynda tussag edilen adam Ýewropanyň adam hukuklary boýunça suduna (ECHR) ýüz tutdy.

“Kommersant” gazetiniň 24-nji aprelde çap eden interwýusynda adam hukuklaryny goraýjy “Agora” toparynyň başlygy Pawel Çikow Soçiniň ýaşaýjysy Witaliý Nibiýeridzeniň sud işiniň protestleriň basylyp ýatyrylmagy bilen baglylykda Ýewropanyň adam hukuklary boýunça suduna tabşyrylan ilkinji şikaýat arzasydygyny belledi.

Orsýetde 2011-2012-nji ýyllarda dörän protest çykyşlardan soň ýurtda geçirilen korrupsiýa garşy iň uly demonstrasiýa diňe Moskwanyň özünde 1000-den gowrak adam gatnaşdy.

Nibiýeridze Soçide protest çykyşyny geçirmäge synanyşanda tussag edilipdi. Onuň aklawçysy Mihail Benýaş Nibiýeridzeniň Soçiniň häkimiýetlerini özüniň söz, pikir we azat sud edilmek azatlyklaryny depelemekde aýyplaýar.

Çikow Ýewropanyň adam hukuklary boýunça suduna ýene ýüzlerçe arzanyň ýakyn wagtda ýollanjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG