Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Osman imperiýasynda ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagynyň hatyrasyna matam tutýar


Tsitsernakaberd depesindäki ýadygärlik, Ýerewan, 24-nji aprel, 2017.
Tsitsernakaberd depesindäki ýadygärlik, Ýerewan, 24-nji aprel, 2017.

24-nji aprelde Ermenistan 102 ýyl mundan ozal Osman imperiýasynda ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagynyň hatyrasyna matam tutýar.

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda ýüzlerçe müň adam Tsitsernakaberd depesindäki ýadygärligiň daşyna jemlendi.

Her ýylyň 24-nji aprelinde geçirilýän matam çäresine beýleki ýurtlrda ýaşaýan ermeniler hem gatnaşýarlar.

Prezident Serž Sarkisian öz beýannamasynda geçirilýän çäräni “gaýtadan dikelen we geçmişini ýatlap, geljege ynamly garaýan halkyň ýörişi” diýip atlandyrdy.

Ermenistan Birinji Jahan Urşunyň dowamynda Osman Imperiýasynda 1.5 million ermeni ýaşaýjynyň öldürlendigini aýdýar.

Türkiýe bu waka genosid hökmünde seredilmegini ýazgarýar we 300-500 müň ermeniniň graždan urşy zerarly wepat bolandygyny hem-de şonda ençeme türk milletli ilatyň heläk bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG