Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň söweş uçarlary Alýaskanyň we Kanadanyň golaýynda uçuşlary amala aşyrdy


Orsýetiň Tu-95 bombalaýjy uçary

Orsýetiň söweş uçarlary geçen hepdede Alýaskanyň we Kanadanyň golaýynda ençeme gezek uçdular we Demirgazyk Amerikanyň howa güýçlerini iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek söweş uçarlaryny ulanmaga mejbur etdiler diýip, 24-nji aprelde Pentagon mälim etdi.

Orsýetiň Tu-95 bombalaýjy uçary halkara howa giňişligine üç gezek girdi – iki gezek Alýaskanyň Aleut adalarynyň golaýynda we bir gezek Alýaskanyň hem Kanadanyň giňişliginiň golaýynda diýip, Pentagon habar berdi.

Şeýle-de Pentagonyň bellemegine görä, bu ýagdaý 17-nji, 18-nji we 20-nji aprelde ýüze çykypdyr we Demirgazyk Amerikanyň Howadan goranyş güýçlerini (NORAD) öňüni alyş çäreleri amala aşyrmak üçin söweş uçarlaryny ýollamaga mejbur edipdir.

NORAD güýçleriniň metbugat wekili Lori Odonleý (O'Donley) 19-njy aprelde “Il-38” kysymly suw asty gämilere garşy uçarlaryň ençemesiniň agzalan giňişlikde peýda bolandygyny aýtdy.

Ak Tam uçuşlar baradaky habara uly ähmiýet bermedi we ýagdaýyň “örän bir adaty bolmadyk däldigini” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG